Täze barlaglar pişigiň eldekileşdirilmeginiň ýakymsyz syrlaryny açdy

  • 04.05.2025 13:40
  • 9.6k+

Gadymy Müsürde gurbanlyk bermek üçin haýwanlara bolan isleg sebäpli pişikler eldekileşdirilipdir. Munuň şeýledigini halkara alymlar toparlary tarapyndan alnan genetiki maglumatlar tassyklaýar.

Barlaglar entek gözden geçirilmedi we bioRxiv platformasynda ýerleşdirilmedi.
Felis catus-leriň (öý pişikleri) gelip çykyşy barada iki esasy nazary garaýyş bar. Birinjisi, pişikleriň neolit döwründe Ýewropada eldekileşdirilendigini öňe sürýär. Şol döwürde ýer işläp bejermekligiň peýda bolmagy bilen, adamlar kynlyk bilen ýetişdirilen hasyly weýran edýän gemrijileri awlaýan ýabany pişikleri köpeldip başlapdyrlar.
Täze maglumatlara esaslanýan ikinji nazary garaýyş pişikleriň Müsürde däp-dessurlar üçin köpçülikleýin köpeldilendigini görkezýär. Olaryň arasyndaky dostluk şol sebäpli berkäpdir. Bu haýwanlar ýurduň daşyna satylypdyr we wagtyň geçmegi bilen bütin dünýä ýaýrapdyr.
Alymlar birinji barlagda öý pişikleriniň, ýewropaly (Felis silvestris) we afrikaly ýabany pişikleriň (Felis lybica) süňklerini deňeşdirdiler. Öý pişikleriniň genetiki taýdan afrikaly pişiklere has ýakyndygy anyklandy. Hasaplamalara görä, Felis catus Ýewropada Rimiň giňelmeginden öň peýda bolupdyr we olaryň ýaýramagy bilen Felis silwestris-iň sany azalmaga başlapdyr.
Ikinji barlagda Ýewropadan, Anadolydan, Demirgazyk Afrikadan we beýleki sebitlerden gadymy pişikleriň 70 sany genomy seljerildi. Netijeler Felis catus-iň Felis lybica-dan gelip çykandygyny görkezdi. Netijeler bu pişikleriň soňky iki müň ýylda Ýewropa, megerem, Demirgazyk Afrikadan getirilendigini görkezýär.


düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

27.06.2026 12:00
4.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......