Gazagystan 10 ýyla çenli möhlet bilen daşary ýurtly maýadarlara “altyn wiza” hödürleýär

  • 03.05.2025 09:23
  • 7.4k+

Gazagystanyň häkimiýetleri “altyn wizany” bermegiň düzgünlerini tassyklady. Ol daşary ýurt maýadarlaryna on ýyla çenli möhlet bilen ýaşaýyş ygtyýarnamasyny almaga mümkinçilik berýär.

Respublikanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, wizany resmileşdirmek üçin daşary ýurt maýadarlary Gazagystanyň kompaniýalarynyň başlangyç kapitalyna azyndan 300 müň dollar maýa goýmaly ýa-da ýerli gymmatly kagyzlary satyn almaly.
Edara şeýle wizanyň Gazagystany maýa goýumlar üçin has özüne çekiji etjekdigini hem-de şeýle maksatnamalaryň ABŞ-da, BAE-de, Singapurda we Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde eýýäm hereket edýändigini belledi.
Gazagystanda maýa goýum wizasyny girizmek pikiri eýýäm birnäçe ýyl bäri gözden geçirilýär. Forbes Kazakhstan-yň bellemegine görä, 2018-nji ýylda daşary ýurtlulara gozgalmaýan emläge ýa-da gymmatly kagyzlara 100 – 200 müň dollar maýa goýan ýagdaýynda ýaşaýyş ygtyýarnamasyny bermek teklip edildi.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň noýabrynda ýurtda Neo Nomad wizasy işe girizildi. Ol daşary ýurt kompaniýalary üçin uzak aralykdan işleýän syýahatçylara niýetlenýär we Gazagystanda bir ýyla çenli galmaga mümkinçilik berýär.


düýn 11:27
1.7k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

düýn 11:17
2.5k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......