Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary 3 iňlis klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy

  • 02.05.2025 12:59
  • 8.6k+

2-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary geçirildi.

Ýewropa ligasynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby myhmançylykda Ispaniýanyň “Atletik” toparyny utdy. Bilbaodaky duşuşyk iňlisleriň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. Brunu Fernandeş iki gol geçirdi, ýene bir goly Kazemiro saldy.
35-nji minutda “Atletik” öz derwezesine penalti aldy we Daniel Wiwian gyzyl duýduryş alandan soň azlykda galdy.
Jogap oýny 8-nji maýda Mançesterde geçiriler.
Ýaryşyň beýleki bir ýarym final oýnunda iňlis “Tottenhemi” Norwegiýanyň “Budýo-Glimt” toparyny utdy (3:1).
Konferensiýalar ligasynda ýarym finalyň ilkinji oýunlarynda ispan “Betisi” Italiýanyň “Fiorentinasyny” (2:1), Angliýanyň “Çelsi” kluby bolsa “Ýurgorden” şwed toparyny (4:1) utdy.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......