Beýonse dünýä boýunça konsert syýahatyna başlap, uçýan awtomobil bilen hemmeleri haýran galdyrdy

  • 01.05.2025 23:43
  • 17k+

Amerikaly aýdymçy Beýonse ABŞ we Ýewropa boýunça Cowboy Carter konsert syýahatyna başlady. Onuň çäklerinde ilkinji konsert Kaliforniýanyň Inglwud şäherinde geçirildi we bu ýerde ol özüniň tehnologiki taýdan çylşyrymly çykyşy bilen muşdaklary haýran galdyrdy.

Beýonseniň konserti tas üç sagat dowam etdi we kantri, rok, soul we pop görnüşli 39 aýdymdan ybarat boldy. Ýöne çykyşyň iň täsirli ýerleriniň biri aýdymçynyň gyzyl kabrioletde tomaşaçylaryň üstünden uçup geçmegi boldy.
Şeýle-de, Beýonse altyn mehaniki öküze mündi, soňra ýokardan asylan uly nala çykdy.
Konsert Azatlyk heýkeliniň fonunda “Amen” aýdymynyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.
Beýonseniň bu konsertinden wideolar internet torunda giňden ýaýrady. 43 ýaşly aýdymçy bilen bilelikde sahna onuň iki gyzy – on üç ýaşly Blu Aýwi we ýedi ýaşly Rumi çykdy. Körpejäniň ekiz dogany Sem konsertde görünmedi. Aýdymçy, köplenç, interwýularda oglunyň şou-biznes bilen gyzyklanmaýandygyny aýdardy.
Cowboy Carter albomynyň çykmagy möhüm aýdym-saz wakasy boldy. Ol tankytçylar tarapyndan ýokary baha alyp, köp sanly baýraklara mynasyp boldy. Albom 2022-nji ýylda Renaissance albomyndan başlanan trilogiýany dowam etdirýär we kantri aýdym-sazynyň taryhyny öwrenýär.

şu gün 10:59
720

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

şu gün 07:37
1.7k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 16:26
4.3k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
7.3k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......