Xiaomi 16 öz klasyndaky iň uly batareýa eýe bolar – insaýder

  • 01.05.2025 12:56
  • 3.4k+

«Smart Pikachu» atly hytaýly insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, geljekki Xiaomi 16 öz bäsdeşleriniň arasynda iň uly batareýa eýe bolar. Şeýle-de insaýder smartfonyň dizaýny we tehniki häsiýetleri bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary hem paýlaşdy diýip, «GSMArena» habar berýär.

Insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, Xiaomi 16 modeli 6,3 dýuýmlyk displeýe eýe bolar we şeýle ölçegdäki telefonlaryň arasynda iň uly batareýa bilen üpjün ediler. Häzirki wagtda bu kategoriýanyň lideri hökmünde 6,32 dýuýmlyk ekrana eýe bolan OnePlus 13T görkezilýär, onuň batareýasynyň kuwwaty 6260 mA·sag. Deňeşdirsek, Xiaomi 15 modeli 5240 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilipdi.
Şeýle-de çeşmäniň aýtmagyna görä, smartfonyň dört tarapyndaky çarçuwa gaty inçe, korpusy bolsa ýeňil we ýuka bolar hem-de 50 megapiksellik üç sany kamera bilen enjamlaşdyrylar. Esasy model, ahyrsoňy, periskop teleobýektiw bilen hem üpjün edilip bilner. Prosessor hökmünde bolsa Snapdragon 8 Elite-iň ikinji nesli ulanylar.
Xiaomi 16 hatarynyň tanyşdyrylyşynyň şu ýylyň oktýabr aýynda bolmagyna garaşylýar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...