“Bagt şäher” jaý satyn almak-satmakdan başlap, abatlaýyş işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär

  • 30.04.2025 15:39
  • 12k+

"Bagt şäher" gozgalmaýan emläk agentligi diňe bir jaý satyn almaga ýa-da satmaga däl, eýsem müşderiniň islegine görä jaý tapmakdan başlap, dizaýn we abatlaýyṣ işleri boýunça hyzmatlary hem hödürleýär.

Jaý satyn almak, satmak, kärendesine bermek işleri hemişe wagty hem ýörite tagallalary talap edýär. Resminamalary düzetmek işleri, garaşmak wagty, ygtybarlylyk we hukuk ugurlaryndan maslahat kömegine zerurlyk... Eger satyn alanyňdan soň, abatlaýyş (remont) işlerini geçirmeli bolsa-ha, bu öý eýesinden ýene-de artykmaç wagty we işi talap edip bilýär.

“Bagt şäher” gozgalmaýan emläk agentligi her bir amaly birkemsiz, takyk ýerine ýetirmek bilen, jaýlary satyn almakdan başlap, olarda aňrybaş derejede abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça toplumlaýyn hyzmaty hödürleýär.
“Bagt şäher” gozgalmaýan emläk bilen bagly islendik meseleleriň çözgüdini hödürleýär:

  • ⁠Amatly şertlerde satyn almak/satmak;
  • ⁠Alyş-satyş geleşiginiň ähli tapgyrlarynda hukuk taýdan ygtybarly kömek hyzmatlary;
  • ⁠Müşderiniň islegi boýunça, jaýda dizaýn hem abatlaýyş işlerini geçirip bermek hyzmatlary.

Näme üçin “Bagt şäheri” saýlamaly?
Hyzmatlaryň doly toplumy — geleşik baglaşmakdan başlap, öýüň interýer bezegine çenli hyzmatlar bar.
“Bagt şäheriň” üsti bilen jaý satyn aldyňyzmy? Agentlik müşderä öýüň dizaýny we abatlaýyş işleri boýunça ýörite teklip hödürleýär. Indiden beýläk, potratçylary gözlemäge zerurlyk ýok.
“Bagt şäher” müşderiniň islegi boýunça:

  • jaýyň dizaýnyny taýýarlap berýär;
  • artykmaç çykdajysyz abatlaýyş işlerini geçirýär;
  • dürli çylşyrymlylykdaky gurluşyk işlerini ýerine ýetirýär.

"Bagt şäher" agentliginiň beýleki emläk agentliklerinden aýratynlygy, ÖZ MEBEL USSAHANASYNYŇ hem BOLMAGYDYR.

14 ýyllyk tejribe!
“Bagt şäher” 2011-nji ýyldan başlap, bazarda müňlerçe müşderi üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde 14 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar. Baý tejribesi bu agentlige gozgalmaýan emlägi müşderini kanagatlandyrjak bahadan satmaga, hut isleýän jaýyňyzy tapmaga, şeýle hem abatlaýyş (remont) işlerinde wagty we serişdeleriňizi tygşytlamaga ýardam berýär.
“Bagt şäher” agentligi nädip iş alyp barýar?

  • ⁠Ilki bilen, müşderiniň zerurlyklary (islegleri) öwrenilýär;
  • ⁠Şol zerurlyklara laýyk jaý tapyp berýär;
  • ⁠Howpsuz görnüşde resminama işlerini taýýarlap berýär;
  • ⁠Gerek bolsa, abatlaýyş işlerini teklip edýär. 

Gozgalmaýan emläk bilen bagly ähli meseleleri bir ýerden çözmek isleýäňizmi?
“Bagt şähere” ýüz tutuň!

Şeýle hem “Bagt şäher” agentligi gozgalmaýan emläk işleri ulgamynda hyzmatlary ýerine ýetirmäge isleg bildirýänleri işe çagyrýar.

Habarlaşmak üçin:
+993 61 47-57-77
21-60-28
Salgysy: Aşgabat ş., “10 ýyl Abadançylyk” köçesi, “BOUYGUES” jaý.


22.06.2026 14:18
7.2k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......