Osakada Expo 2025 üçin dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy

  • 30.04.2025 11:47
  • 7.6k+

Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki Ýumeşima emeli adasynda uzynlygy iki kilometr töweregi bolan dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy. Desga Expo 2025-iň merkezi elementi we durnukly gurluşygyň nyşany boldy.

Bu halka Expo 2025 Bütindünýä sergisiniň esasy elementi bolup, “Köpdürlülikde jebislik” ideýasyny görkezýär. Ol tutuş sergi meýdançasyny gurşap alýar. Onuň ýokarky böleginden 12 metr belentlikde pawilýonlary, Osakany we aýlagy syn etmäge mümkinçilik berýän Skywalk gezelenç ýodajygy geçýär. Arassa howada hatda 30 kilometr uzaklykda ýerleşen Akaşi-Kaýke köprüsi hem görünýär.
Desga döwrebap tehnologiýalary we adaty ýapon neçjarçylyk birleşmesini özünde jemleýär. Çüýler ulanylmady, bu hem ýertitremelere çydamlylygy ýokarlandyryp, sökmegi ýeňilleşdirýär. Gurluşyk üçin ýapon kedri, serwi agajy we ýewropa sosnasy ulanyldy. Agaçlaryň 70% töweregi ýerli bolup, serginiň ekologiýa konsepsiýasyny goldaýar. Umuman alanyňda, 60 müň inedördül metrden gowrak agaç ulanyldy.


Halka birnäçe wezipeleri ýerine ýetirýär:

  • pyýada gatnaw ýoly hökmünde hyzmat edip, ýagyşdan we Günden goraýar;
  • güller we syn ediş meýdançalary bilen kölegeli dynç alyş zolagyny döredýär;
  • materiallary gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berip, durnukly gurluşygyň mümkinçiliklerini görkezýär.

Ginnesiň rekordlar kitaby bu halkany dünýäde iň uly agaç desga diýip ykrar etdi. Expo 2025-den soň ol agajy ikilenç ulanmak üçin sökülip ýa-da adada galdyrylyp bilner. Guramaçylar gutarnykly çözgüt kabul etmezden ozal ýaşaýjylaryň pikirini öwrenýär.
Ýapon binagärleri şeýle taslamalar agajy şäherler üçin esasy material hökmünde göz öňünde tutjak gurluşygyň geljegini görkezýär diýip hasaplaýar.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......