«Titanigiň» ýolagçysynyň ýazan haty auksionda 400 müň dollara satyldy

  • 30.04.2025 11:22
  • 7.8k+

«Titanikde» aman galan ýolagçy tarapyndan ýazylan hat «Henry Aldridge & Son» auksionynda 300 müň funt sterlinge (takmynan, 400 müň dollara) satyldy. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.

Neşiriň belleýşi ýaly, lotuň bahasy başlangyç bahasyndan bäş esse ýokary boldy. Bu hat «Titanik» bilen baglanyşykly bize mälim bolan hatlaryň arasynda iň gymmady hasaplanylýar.
Hatyň awtory – birinji derejeli ýolagçylaryň hatarynda syýahat eden polkownik Arçibald Greýsdir. Ol haty saparynyň dowamynda ýazyp, ilkinji täsirlerini paýlaşypdyr. «Gämi ajaýyp, ýöne men syýahatym tamamlanýança garaşyp, oňa soň baha bererin» — diýip, onuň sözleri getirilýär.
Betbagtçylygyň boljak gijesi polkownik ir düşegine geçipdir. Ertesi irden ol skwoş oýnamagy (tennise meňzeş oýun) meýilleşdiren eken. Gijäniň ýarynda gäminiň aýsberg bilen çaknyşmagyndan oýanan Greýs dessine aýal-gyzlara we çagalara halas ediş gaýyklara münmäge kömek edip başlapdyr.
«Titanigiň» yzky bölegi suwuň astyna gidende, ol we başga-da onlarça erkek adam agdarylan halas ediş gaýygynyň üstünde ýapyşyp galypdyr. Greýsiň soň ýatlap aýtmagyna görä, şol agyr gijäniň dowamynda, gaýygyň üstünde galanlaryň ýarysy sowukdan we ýadawlykdan sessiz-sedasyz suwa gaçyp, gark bolupdyr.
Ertesi daňdan polkownigi «Karpatiýa» gämisi halas edipdir. Nýu-Ýorka gelensoň, ol bolan wakalar barada ýazypdyr. Emma alan şikesleri we sowuklama onuň saglygyny düýpli zaýalapdyr: 1912-nji ýylyň dekabrynda Greýs koma düşýär we iki gün soň aradan çykýar. 1913-nji ýylda onuň "Titanik barada hakykat» atly kitaby neşir edilipdir.

düýn 23:12
2.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
4.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.4k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......