“PSŽ” Çempionlar ligasynyň birinji 1/2 final oýnunda “Arsenaly” utdy

  • 30.04.2025 09:45
  • 8.1k+

Londondaky “Emireýts” stadionynda 2024/2025 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen “PSŽ-niň” arasyndaky birinji ýarym final oýny boldy. Duşuşyk fransuz klubunyň 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.

Myhmanlar eýýäm 4-nji minutda hasaby açdy – “PSŽ-niň” hüjümçisi Usman Dembele gol geçirdi.
“Arsenalyň” öňe çykmak üçin mümkinçilikleri köp boldy, ýöne hüjümi gola ýetirip bilmedi. Oýnuň ikinji ýarymynyň başynda, 47-nji minutda “Arsenalyň” ýarymgoragçysy Mikel Merino gol saldy, ýöne wideo seredilenden soň, VAR goly ýatyrdy.
Ýaryşyň geçenki tapgyrynda, dörtden bir finalda “Arsenal” iki oýnuň jemi boýunça Madridiň “Realyny” 5:1 hasabynda utupdy. “PSŽ” bolsa, öz gezeginde, “Aston Willadan” 5:4 hasabynda üstün çykdy.
Jogap oýny 8-nji maýa geçilýän gije Pariždäki “Park de Prens” meýdançasynda bolar.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......