Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

  • 29.04.2025 23:57
  • 2.3k+

28-nji aprelde paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Çärä gatnaşmak üçin sebit ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler Aşgabada geldi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar.
Duşuşykda ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasy bilen yzygiderli ösdürýän hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns çekildi. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolmak bilen, geçen döwürde onuň 11 sany konwensiýasyny tassyklady. Konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolan ýurdumyz halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy 30 ýyla golaý wagt bäri halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň berk binýady bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy onuň özygtyýarlylygynyň, parahatçylyga, dünýäniň beýleki döwletleri bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen paýtagtynda geçirilen duşuşyk bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli düzümleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak, tejribeleri alyşmak üçin täze tapgyryň başyny başlaýar. Munuň özi sebit ýurtlaryndaky okgunly ykdysady we durmuş özgertmeleriniň çäklerinde hem möhüm ähmiýete eýedir. Bellenilişi ýaly, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň esasy wezipesi iş berijileriň we döwlet edaralarynyň öňünde işgärleriň bähbitlerine wekilçilik etmekden, zähmet kanunçylygynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmekden hem-de zähmet şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Adamyň hukuklaryna hormat goýmak, amatly zähmet şertlerini döretmek, iş bilen üpjünçilik mümkinçiliklerini gowulandyrmak, ykdysady durnuklylygyň berkidilmegi durmuş adalatlylygynyň esasyny düzýän gymmatlyklardyr.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ugurda ýeten sepgitleri barada giňişleýin durlup geçildi.
Günüň ikinji ýarymynda duşuşyk “Bitaraplyk ýörelgeleri: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk”, “Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriň hukuklaryny goramakda tutýan orny” atly bölümçelerde dowam etdi. Şeýle hem ýurdumyzyň we sebit döwletleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçirildi. 


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......