Tehasda Demirgazyk Amerikanyň iň uly dinozawrynyň äpet galyndysy tapyldy

  • 29.04.2025 20:32
  • 12k+

Tehas ştatynyň (ABŞ) «Big-Bend» milli seýilgähinde Sul-Ross döwlet uniwersitetiniň (SRSU) talyplary tötänden taryhy tapyndynyň üstünden bardylar: gadymy dünýäniň hakyky titany bolan alamozawra degişli äpet daşlaşan oňurga tapyldy.

Bu açyş mart aýynda ekspedisiýa wagty ýüze çykaryldy. Şonda talyplar mel hem-de eosen döwürlerine degişli geologik gatlaklary öwrenýärdiler. Şol ýerden üýtgeşik bir gaýanyň tapylmagy gadymy taryhyň sahypalarynyň täzeden ýazylmagyna sebäp boldy.
Alamozawr – titanozawrlar maşgalasyna degişli äpet jandar bolup, doly ýetişende onuň uzynlygy 21 metre ýetýärdi, agramy bolsa 30 tonnadan hem agyr bolýardy. Bu ot iýýän ägirt jandar häzirki ABŞ-nyň ýerlerinde, takmynan, 66-70 million ýyl ozal, dinozawrlaryň döwrüniň soňky ýyllarynda ýaşap geçipdir.
«Big-Bend» milli seýilgähiniň gadymy dünýäniň hazynasy hökmündäki abraýy ýene-de bir gezek tassyklandy. Bu ýerden ozal hem äpet şahly dinozawr bolan Bravoceratops polyphemusyň kellesi, şeýle-de ganat gerimi 11 metre barabar bolan pterozawryň galyndylary tapylypdy. Indi bolsa, şol tapyndylaryň üstüne täze bir gadymy güýjüň nyşany goşuldy.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......