Samsung Galaxy S25 Edge 5,8 mm-lik ultra inçe korpusy we 200MP kamera eýe bolar

  • 28.04.2025 17:21
  • 10k+

Samsung 13-nji maýda Galaxy S25 Edge smartfonyny yglan etmegi meýilleşdirilýär, satuwlar 23-nji maýda başlar. Bu barada metbugat habarynyň garalamasyna meňzeýän syzylma salgylanýan GSMArena neşiri habar berýär.

Täze önümiň galyňlygy 5,8 mm we agramy 163 gr bolan ultra inçe korpusy bolar. Smartfon ýokary öndürijilikli Qualcomm Snapdragon 8 Elite çipseti, titan çarçuwasy we Corning Gorilla Glass Ceramic 2 gorag çüýşesi bilen üpjün ediler.
Galaxy S25 Edge-niň esasy kamerasy 200 MP durulykda bolar. Enjam öňünden gurlan One UI 7 gabygyny alar we emeli aň esasynda işleýär. Syzylmalara görä, batareýanyň kuwwaty gaty pes - takmynan 3900 mAh bolar. Öndüriji batareýanyň günüň dowamynda işlejekdigini wada berýär.
Ondan öň Samsung smartfonyň başlangyç bahasynyň 1200 dollar boljakdygyny tötänden açdy.
Jikme-jik häsiýetnamasy we beýleki maglumatlary 13-nji maýda geçiriljek tanyşdyryş dabarasynda yglan ediler.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...