Niderlandlarda şäher häkimligi ýalňyşlyk bilen 46 sany gymmatly sungat eserini zibile taşlapdyr

  • 28.04.2025 17:20
  • 7.7k+

Niderlandlaryň Apeldorn şäherinde şäher häkimligi ýalňyşlyk bilen 46 sany sungat eserini zyňypdyr diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Ýitirilen eserleriň arasynda amerikaly suratkeş Endi Uorholyň 1980-nji ýyllaryň ortalarynda döreden şa zenany Beatriksiň portreti hem bar. Bu eser ýüpek neşir bolup, bahasy azyndan 15 müň ýewro durýar.
Suratlar abatlaýyş işleri geçirilýän döwründe şäher häkimliginiň ammar edilen ýerzeminine geçirilipdi. Jemgyýet geňeşiniň berýän habaryna görä, şondan soň eksponatlar zibil bilen çykarylyp äkidilen bolmaly.

"Gymmat bahaly zatlar beýle saklanmaly däl. Ýöne, gynansak-da, şeýle bolupdyr. Gynanýas"- diýip, Apeldornyň häkimi  Hans wan der Pas ökünjini beýan edýär.

Algemeen Dagblad gazeti öz derňewini geçirdi we sungat eserleriniň ýerzemindäki zibil gaplarynda galdyrylan bolmagynyň mümkindigini anyklady.
Ýitirilen zatlaryň umumy bahasy azyndan 22 müň ýewro bolmaly diýip çaklanýar.
Endi Uorhol - amerikaly suratkeş, XX asyryň iň meşhur ussatlaryndan biridir. Ol pop-art stilinde işledi we döwürdeşleriniň ajaýyp portretlerini çekenligi bilen meşhur boldy. Hususan-da, ol Merilin Monro we Elizabet Teýlor ýaly meşhurlary şekillendirdi. Beatriksiň portreti Uorholyň "Hökümdarlyk edýän şa zenanlar" seriýasynyň bir bölegi bolup, oňa Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň, Daniýanyň şa zenany Margrete II-niň we Eswatininiň şa zenany Ntombi Twalanyň portretleri girýärdi. Jemi 16 eser bardy.


13.03.2026 16:15
1.5k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.6k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...

09.03.2026 12:25
5.5k+

Niderlandly zenanyň öýünden Rembrandtyň 35 sany asyl nusgadaky grawýurasy tapyldy

Niderlandlaryň Zýutfen şäheriniň ýaşaýjysy Şarlotta Maýer öz öýünden meşhur suratkeş Rembrandtyň goly bilen döredilen 35 sany asyl nusgadaky grawýurany tapdy. ArtNews neşiriniň habar bermegine görä, bu eserler dürli wagtlarda onuň atasy tarapyndan satyn alnypdyr...

03.03.2026 14:57
1.4k+

Aýdym-saz we sungat eserleri güýçli emosiýa döredýärmi? Alymlar munuň sebäbini genlerden tapdylar

Alymlar aýdym-sazyň, goşgularyň ýa-da şekillendiriş eserleriniň lezzetinden emele gelýän endamyň tikeneklemek ýagdaýynyň sebäbiniň genlerde ýerleşýändigini we nesilden-nesle geçip bilýändigini anykladylar. Sungata bolan güýçli duýgurlyk we fiziologik täsirler hemmelerde gabat gelmeýär...