ABŞ-da Jeff Bezosyň goldawy bilen döredilen elektropikap satuwa çykaryldy

  • 28.04.2025 16:42
  • 6.1k+

Los-Anjelesde (ABŞ) Slate Auto atly startap «Truck» atly ykjam elektropikabyny hödürledi. Taslama Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos tarapyndan bölekleýin maliýeleşdirilýär.

Model iki orunlyk kabina we çykdajylary azaltmak üçin iň az funksiýalar toplumy bilen bir konfigurasiýada bolar. Önümçiligi ABŞ-da meýilleşdirilýär, emma häzirlikçe ýer saýlanylmady.
«Truck» pikaby 201 at güýji bolan elektrohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Satyn aljaklara iki sany akkumulýator hödürlenýär: 240 km aralyga ýöreýän 52,7 kWt/sag kuwwatly ýa-da 385 km aralyga ýöreýän 84,3 kWt/sag kuwwatly görnüşlerde. 100 km/sag tizlige 8 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi – 140 km/sag.


Pikabyň esasy aýratynlygy – ony ýolsuz ýerler üçin niýetlenen bäş orunlyk off-road ulaga öwrüp bolýar. Salonynda multimedia ulgamy ýok, onuň ýerine smartfon ýa-da planşet üçin ýörite berkidiji bar.
Elektropikabyň bahasy 20 müň dollar.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......