Starbucks 3D printerde çap edilen ilkinji kofehanasyny açýar

  • 28.04.2025 14:01
  • 3.3k+

Starbucks kompaniýasy 3D printerde çap edilen ilkinji kofehanasynyň gurluşygyny tamamlaýar. Bu barada Dezeen neşiri habar berýär.

Kofehana Tehas ştatynyň Braunswill şäherinde ýerleşýär. Onuň meýdany, takmynan, 130 inedördül metre barabar. Ol diňe sargyt berilýän penjire arkaly hyzmat etmek üçin niýetlenen bolup, onda myhmanlar üçin zal ýok.
Kofehana 28-nji aprelde açylmaly.
Taslama Germaniýanyň Peri 3D Construction kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Daşky diwarlar 3D printerde çap edilen beton böleklerinden ýasaldy. Olaryň arasynda penjireler we gapy çarçuwalary goýuldy. Üçekde ýazgy we sargyt berilýän zolak üçin bassyrma ýerleşdirildi.
Braunswill Tehasyň günorta böleginde, SpaceX kompaniýasynyň uçuş meýdanynynyň golaýynda ýerleşýär. Şäher ulgamy giňeltmek üçin geljegi uly sebit hökmünde görülýär.
Tehas 3D gurluşygyny ösdürmek boýunça ABŞ-da öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Ştatyň dürli sebitlerinde beton çap ediş tehnologiýasyny ulanmak bilen ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary we jemgyýetçilik binalaryny döretmek boýunça taslamalar alnyp barylýar.
Starbucks Sietlde kiçiräk dükan hökmünde başlady, häzirki günde bolsa dünýäde iň uly kofehanalar ulgamynyň biri hasaplanýar. 2022-nji ýyldaky maglumatlara görä, bu brend bilen 84 ýurtda 34 317 nokat işledi. Şol bir wagtyň özünde, olaryň 75%-i kompaniýanyň özi tarapyndan däl-de, beýleki ygtyýarly telekeçiler tarapyndan dolandyryldy.
2020-nji ýylda Starbucks 26,5 mlrd dollar gazanyp, ýyllyk girdejisi boýunça McDonald’s-dan öňe geçdi.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......