Kiokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Ermenistandaky halkara ýaryşa taýýarlyk görýär

  • 28.04.2025 13:44
  • 7.3k+

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça ýygyndy topary 2025-nji ýylyň 10–11-nji maýynda Ermenistanyň Gümri şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşmaga işjeň taýýarlyk görýär.

Toparyň düzümine 10 türgen girdi - Meýlis Paşakuliýew, Daýanç Gylyçdurdyýew, Daýanç Hojamyradow, Süleýman Sähedow, Myrat Ekäýew, Lala Abdullaýewa, Myrat Altymuhammedow, Şyhnazar Şirzadow, Döwletýar Allowow we Aýymjan Sulta­nowa.
Toparyň tälimçiler toparyna Atamyrat Hudaýberdiýew ýolbaşçylyk eder. Ýaryşda Türkmenistanyň adyndan eminler toparyna Tirkiş Korow we Täçli Saparow wekilçilik ederler.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň esasy wezipeleriniň hatarynda 2025-nji ýylyň 28-nji noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmek we her agram kategoriýasynda iň gowy netijeleri görkezmek bar.


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......