iPhone 16e ABŞ-da iPhone 16 Pro-dan has meşhur boldy

  • 28.04.2025 12:09
  • 5.9k+

Consumer Intelligence Research Partners analitika kompaniýasy geçiren barlagy iPhone 16e-niň ABŞ bazarynyň 7%-ini eýeläp, arzan bahaly iPhone SE-den hem öňe geçendigini we üstesine-de iPhone 16 Pro-dan hem has meşhur bolandygyny ýüze çykardy.

Umuman alanyňda, häzirki wagtda önümçilikdäki bäş sany iPhone 16 modeli ABŞ-da satylan ähli iPhone-laryň 74%-ini üpjün etdi. Bu bolsa 2024-nji ýylyň martynda hödürlenýän dört sany iPhone 15 modeliniň üpjün eden 68%-inden hem köpräkdir. Şol bir wagtyň özünde, esasy iPhone 16 hem ösüş görkezip, paýy 14%-den 20%-e çenli ýokarlandy.
Iň güýçli iPhone 16 Pro we Pro Max modelleriniň umumy satuwdaky paýy 38% boldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7% pesdir.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...