Android 16 täzelenmesini aljak Xiaomi, Redmi we POCO enjamlaryň sanawy

  • 26.04.2025 18:18
  • 4.5k+

Android 16 esasynda işlenip düzülen HyperOS 3 interfeýsi 2025-nji ýylyň iýul aýynda çykarylar. Ol täze aýratynlyklary, öndürijilik boýunça kämilleşdirmeleri hem-de täzeden işlenip taýýarlanan interfeýsi üpjün eder. Garaşylýan täzelenmäni aljak ähli Xiaomi, Redmi we POCO enjamlaryň doly sanawyny «Gizchina» ýetirýär.

Xiaomi kompaniýasy Android 16 esasynda taýýarlanan indiki uly täzelenme bolan HyperOS 3-i çykarmaga taýýarlanýar. Android 15 esasly HyperOS 2.1 interfeýsiniň ýaýradylýan mahaly, ulanyjylar we içerki maglumat berijiler ünslerini eýýämden 2025-nji ýylyň iýul aýynda çykmagyna garaşylýan täze operasion ulgama gönükdürdiler.
Maglumatlara görä, HyperOS 3 diňe bir ýokary derejeli modeller däl, eýsem orta we pes bahaly modeller üçin hem täze aýratynlyk toplumyny hödürlär, bu bolsa Xiaomi-niň ähli önüm hatary üçin giňişleýin programma üpjünçiligini bermek strategiýasyny tassyklaýar.
HyperOS 3 bilen bilelikde tanyşdyryljak täze aýratynlyklaryň arasynda has kämilleşdirilen köpugurlylyk, batareýanyň dowamlylygyny optimizasiýa etmek, emeli aň esasynda işleýän akylly aýratynlyklar we dolulygyna täzeden işlenip düzülen grafiki interfeýs bar.
Xiaomi heniz resmi bildiriş bermedik hem bolsa, häzirki maglumatlar haýsy modellere täzelenmäniň geljekdigi hakynda jikme-jik maglumat berýär.
Ine, HyperOS 3.0 täzelenmesini aljak enjamlaryň sanawy:

Xiaomi

  • Xiaomi 15, 14, 13 we 12 hatarlary
  • MIX Flip, MIX Flip 2
  • MIX FOLD 2, 3 we 4
  • Xiaomi Pad 6 Pro, 6S Pro, 7 we 7 Pro

Redmi

  • Redmi Note 12, 13 we 14 hatarlary (4G, Turbo, Pro görnüşleri bilen bilelikde)
  • Redmi 12, 13 we 14 (C we A modelleri)
  • Redmi K50, K60, K70 we K80 hatarlary
  • Redmi Pad SE, Pad SE 8.7, Pad Pro, Pad Pro 5G

POCO

  • POCO F5, F5 Pro, F6, F6 Pro, F7, F7 Pro, F7 Ultra
  • POCO X6 5G, X6 Pro 5G, X7, X7 Pro, X7 Pro Iron Man Edition
  • POCO M6 (4G, 5G, Pro), M7, M7 Pro 5G
  • POCO C65, C75, C75 5G

22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...