“Günlerde bir gün... Golliwuddanyň” dowamy baradaky maglumatlar aýan edildi

  • 26.04.2025 16:57
  • 7.2k+

Kwentin Tarantinonyň “Günlerde bir gün... Golliwudda” filminiň dowamynyň jikme-jiklikleri belli boldy. Täze taslama Kliff Buta bagyşlanar. Bu gahrymanyň keşbini birinji filmde Bred Pitt ýerine ýetiripdi. Film baradaky maglumaty Deadline neşiriniň žurnalisti aýan etdi.

Täze film “The Continuing Adventures of Cliff Booth” (“Kliff Butuň başdangeçirmeleriniň dowamy”) diýlip atlandyrylar.
Baş gahryman kaskadýor Kliff - aktýor Rik Daltonyň dosty (birinji filmde Daltonyň keşbini Leonardo DiKaprio oýnady). Täze sýužetde ol Golliwudyň ýyldyzlaryň irnik  meselelerini çözýän araçysy bolar. Onuň ulanýan käbir usullary kanuna o diýen laýyk hem gelip baranok.
Filmiň edebi esasyny “Günlerde bir gün... Golliwudda”  filminiň asyl nusgasynyň režissýory we awtory Kwentin Tarantino ýazdy. Režissýory Dewid Finçer bolar.
Film ilkinji gezek Netflix akym platformasynda görkeziler.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....