Wakuumly Raptor 3 hereketlendirijisi ilkinji gezek SpaceX-iň synag meýdançasynda görüldi

  • 26.04.2025 13:37
  • 6.9k+

SpaceX-iň ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Makgregor şäherindäki synag meýdançasynda Raptor 3 hereketlendirijisiniň wakuumly görnüşi ilkinji gezek görüldi. Onuň daşalyşy baradaky wideo NasaSpaceFlight kanaly tarapyndan paýlaşyldy, olaryň kamerasy desganyň içinde ýerleşdirilen eken.

Geçen ýylyň tomsunda, SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask atmosferaly Raptor 3 hereketlendirijisiniň ilkinji seriýaly görnüşini tanyşdyrypdy. Bu hereketlendirijiler Starship ulgamynyň birinji basgançagy bolan Super Heavy göteriji raketasynda ulanylýar. Şeýle-de bu hereketlendirijileriň üçüsi Starship kosmos gämisiniň merkezine ýerleşdirilýär.
Häzir bolsa üns täze görnüşe – wakuumly Raptor 3 hereketlendirijisine gönükdirildi. Wideodan görnüşi ýaly, hereketlendiriji synag stendine getirildi. Ähtimal, ol ýangyn bilen bagly synaglara taýýarlanýar.


23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......