Amazon-yň hemra internetiniň geljegi sorag astynda: Starlink-iň bäsdeşi taslamasyna ýetişenok

  • 26.04.2025 13:06
  • 2.6k+

Amazon kompaniýasynyň emeli hemra arkaly internet ulgamyny döretmek ugrunda işe girizen iri taslamasy bolan Project Kuiper agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Içerki çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň tomsuna çenli uçurylmaly 1600 hemranyň bary-ýogy onlarçasyny öndüripdir. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Eger-de bellenen senä çenli ähli hemralar orbita çykarylmasa, Amazon kompaniýasy ABŞ-nyň aragatnaşyk boýunça Federal komissiýasynyň (FCC) ygtyýarnamasyny ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Önümçilik tehnologiýa bilen bagly kynçylyklar we käbir komponentleriň ýetmezçiligi sebäpli haýallapdyr. Häzirki wagtda günde öndürilmeli bäş hemranyň deregine, bary-ýogy bir sany hemra öndürilýär.
Mesele diňe önümçilik bilen çäklenmeýär. Ilkinji hemralaryň uçurylmagy eýýäm bir aý yza süýşürildi. Indi Amazon meýilleşdirilen maksatlara ýetmek üçin, her hepde bir ýa-da iki sany raketa uçurmaly. Emma häzirki depginden çen tutsaň, bu mümkin däl ýaly. Bu ýagdaý bolsa ygtyýarnamanyň ýitirilmek howpuny döredýär. Kemçilikleriň öwezini dolmak maksady bilen, kompaniýa gije-gündiz iş usulyna geçdi, dynç günleri ýatyryldy we FCC tarapyndan ýeňillikleriň berilmegine umyt baglanylýar.
Esasan-da, Ilon Maskyň täsirine we ABŞ-nyň täze hökümetiniň näbelli kararlaryna baglylykda, Project Kuiper-iň geljegi häzirlikçe sorag astynda galýar.


22.06.2026 22:53
6.3k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

17.06.2026 17:42
6.4k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......