YouTube-yň täze dizaýny ulanyjylaryň göwnüne ýaramady

  • 26.04.2025 13:16
  • 4.6k+

Ýüklenen ilkinji wideonyň 20 ýyllygy mynasybetli, YouTube platformasy özüne degişli pleýeriň web-wersiýasynyň interfeýsini täzelemäge karar beripdir. Käbir ulanyjylar üýtgedilen dizaýny synag tertibinde eýýämden synap gördüler. Teswirlerden çen tutsaň, ulanyjylar bu täzeliklerden o diýen hoşal däl diýip, «Android Authority» ýazýar.

Üýtgeşmeleri görkezýän skrinşotlar eýýämden Reddit-de peýda bolup başlady. Täze pleýerde ähli ekran düwmeleri aýratyn «adajyklara» ýerleşdirilipdir, öňki klassyky pleýerdäki ýaly umumy dolandyryş paneli ýok. Şeýle-de ses sazlaýyş ikonasy ekranyň sag tarapyna geçirilipdir. Teswirlere görä, ulanyjylar bu ikonany iň gowy ýagdaýynda hem «eýmendiriji» diýip atlandyrýarlar. Ähtimal, ses sazlaýjysynyň slaýderi hem öňküsi ýaly däl.
Käbir ulanyjylar täze pleýeriň «arassa» we «tertipli» görnüşini halan bolsalar-da, köpüsi bu täzelikden kanagatlanmady. Google kompaniýasy bu täzelenme barada heniz resmi beýanat bermedi. Täze görnüşiň giňden ornaşdyrylyp-ornaşdyrylmajakdygy heniz belli däl.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......