Şu gün YouTube-a ilkinji wideo ýüklenenine 20 ýyl doldy. Wideo näme barada?

  • 23.04.2025 14:31
  • 11k+

Şu gün YouTube-da ilkinji wideonyň neşir edilenine doly 20 ýyl bolýar – 2005-nji ýylyň 23-nji aprelinde platformada «Me at the zoo» (Men haýwanat bagynda) atly 18 sekuntlyk wideo peýda bolupdy. Dünýäniň iň uly wideo platformasynyň başyny başlan ýazgy şol wideo bolupdy.

Bu wideony YouTube-yň esaslandyryjylaryň biri bolan Jawad Karim San-Diegodaky (ABŞ) haýwanat bagynda surata düşüripdi. Wideoda Karim piller hakynda gürrüň berýär.

«Bu haýwanlaryň iň täsin ýeri - olaryň holtumlarynyň örän uzyn bolmagy» — diýip, Karim wideoda aýdýar.

Neşir edileninden bäri, bu wideo 355 milliondan gowrak gezek görüldi we YouTube-yň başlangyjynyň nyşanyna öwrüldi. Häzirki wagtda bolsa, platforma her minutda 500 sagatdan köp wideo ýüklenýär.
Geçen 20 ýylyň dowamynda, Google-a degişli bolan wideoplatforma öýde düşürilen bloglardan başlap, göni ýaýlymlary, filmleri, klipleri hem-de emeli aň bilen döredilen dürli görnüşli mazmunlary özünde jemleýän dünýäniň iň uly hyzmatyna öwrüldi.
Ýubileý mynasybetli, ilkinji wideoda tort şekilli slaýder nyşanjygy we Karimiň ýeke-täk wideoly YouTube kanalyna gönükdirýän piliň şekili peýda boldy. Şeýle-de bolsa, onuň 5 milliondan gowrak abunaçysy bar.
Şu günki gün YouTube diňe bir wideo platformasy bolman, eýsem YouTube Music, YouTube Kids, YouTube TV we YouTube Premium ýaly hyzmatlary hem hödürleýär. Şeýle hem platforma 4K, 8K, HDR we VR ýaly ýokary hil aýratynlyklaryny hem goldaýar.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......