Nissan garaşylmadyk ýagdaýda täze pikabyny hödürledi – Frontier Pro Plug-In Hybrid

  • 26.04.2025 13:13
  • 6.1k+

Nissan kompaniýasy Şanhaýdaky awtosergide ilkinji plagin-gibrid pikaby bolan «Frontier Pro-ny» tanyşdyrdy. Adynyň tanyşdygyna garamazdan, bu model adaty «Nissan Frontier-den» düýpgöter tapawutlanýar.

Täze pikabyň dizaýny Nissan-yň Şanhaýdaky dizaýn studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Onuň öň tarapyndaky LED çyralary aýratynlykda ýerleşdirilen moduly bilen tapawutlanýar. Şeýle-de islege görä, ýük bölüminiň gapagynyň elektrikli dolandyryşy hem hödürlenýär.
Ölçegleri boýunça «Frontier Pro PHEV» amerikan «D41 Frontier-den» uludyr: uzynlygy – 5520 mm, ini – 1960 mm, beýikligi – 1950 mm, teker bazasy – 3300 mm, agramy – 2500-den 2540 kg çenli, tekerleri – 18 dýuým, şinalary 265/65.
Güýç ulgamynda 1,5 litrlik benzinli turbomotor we transmissiýa ornaşdyrylan elektromotor bar. Olar bilelikde 300 kWt (402 at güýji) kuwwaty we 800 N·m torky üpjün edýär. Hytaýyň CLTC standartyna görä, diňe elektrik energiýasy bilen 135 km ýol geçýär.
Asma ulgamy öňdäki garaşsyz goşa ryçagy, yzda bolsa bäş ryçagly ulgamy öz içine alýar. Şeýle hem elektromehaniki blokirleme funksiýasy bolan yzky differensialy, 4High we 4Low tertipleri, şeýle hem ýöreýiş üçin ýörite programmalary bar: PerformanceSnowHybrid we Pure Electric.
Salony gara we sary reňklerde bezelen. Merkezde 14,6 dýuýmlyk taçskrin (sensor ekran) ýerleşdirilen, sürüjiniň öňünde bolsa 10 dýuýmlyk sanly panel bar. Goşmaça töleg bilen öňdäki oturgyçlar sowadyjy, gyzdyryjy we massaž funksiýalary bilen hödürlenýär.
Gyzykly tarapy, bu ulag diňe Hytaý üçin niýetlenen däldir. Nissan kompaniýasy «Frontier Pro PHEV» modelini ABŞ-dan galan birnäçe bazarda hem satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....