Altynhan ikinji gezek konkur bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 26.04.2025 11:45
  • 6.9k+

25-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden bökmek — konkur görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşigi «Türkmen atlary» döwlet birleşigi gurady.

Bäsleşige Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasyna, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkezine hem-de Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna we beýleki guramalara degişli, atly sportuň bu ugry boýunça ýörite taýýarlygy bolan naýbaşy bedewleriň 9-sy gatnaşdy.
Ýaryşyň düzgünine laýyklykda, atlar bellenen ugur boýunça päsgelçiliklerden bellenen beýiklige bökmek boýunça gezekli-gezegine iki sapar ýörite niýetlenen meýdança çykdylar. Bäsleşigiň ýeňijisini üçünji gezekde kesgitlemek başartdy.

Ýaryşynyň netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli bolan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Yhlas Çopanowyň erk eden Altynhan atly akýal mele bedewi birinji orny eýeledi. Aramat hem Helga diýen atlaryň neslinden bolan, 2009-njy ýylda doglan bedew jemi 34:51 sekunt wagt netijesini görkezdi.
Ýeri gelende bellesek, Altynhan 2023-nji ýylda geçirilen konkur ýaryşynda hem türgen Ýazgeldi Garajaýewiň erk etmeginde birinji orna mynasyp boldy.
Ýaryşda Gadyr hem Maýsa diýen atlaryň neslinden bolan, 2013-nji ýylda doglan Gudrat diýen gyr at türgen Mergen Gurbanlyýewiň erk etmeginde 36:56 sekunt wagt görkezip, ikinji orny, Akpata hem Ýegşenbe diýen atlaryň neslinden, 2016-njy ýylda doglan Atbasar atly gara gyr at bolsa türgen Seýitymam Seýidowyň erk etmeginde 36:63 sekunt wagt netijesini görkezip, üçünji orny eýeledi.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......