BYD altyn logotip we 1180 at güýji bilen premium ulagyny hödürledi

  • 25.04.2025 22:35
  • 7.2k+

Şanhaý awtosalonynda BYD kompaniýasy Yangwang U8L premium ulagyny görkezdi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model iki reňkde hödürlenýär – Obsidian Black we Sun Gold, ýöne onuň esasy aýratynlygy öň we yzky böleklerde ýerleşdirilen Oracle logotipi boldy – ol 24 karat altyndan ýasaldy.

Täze ulag uzaldylan kuzowy (5400 mm) bilen tapawutlanýar we onda alty orun bar. Awtomobil özboluşly çyralara we matrisa şekilli radiator gözenegine eýe boldy.
CarNewsChina-nyň maglumatlaryna görä, U8L göwrümi boýunça Range Rover-den we Rolls-Royce Cullinan-dan uludyr. Ol 1180 at güýjüni berýän gibrid enjamy bilen üpjün edildi. Şeýle-de, ol suwda hereket edip, duran ýerinde 360 gradus tank öwrümini ýerine ýetirip bilýär.
Hytaýda modeliň satuwy 2025-nji ýylyň ahyrynda başlar. Onuň bahasy heniz yglan edilmedi.
Şeýle-de, BYD awtosalonda Ocean seriýasyndan üç sany täze awtomobil hödürledi: Sea Gull 06 EV, Sea Gull 06 DM-i we Sea Lion 06.
Sea Gull 06 EV – sedan bolup, 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde satuwa çykar. Onuň uzynlygy – 4720 mm, bazasy – 2820 mm. Ol bir elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Baha – 120-150 müň ýuan.
Sea Gull 06 DM-i – BYD-yň ilkinji uniwersaly. Uzynlygy – 4850 mm. 1,5 litrlik benzin hereketlendirijisine we 160 kWt çenli elektrik hereketlendirijisine esaslanýan gibrid ulgam oturdyldy. Satuw 2025-nji ýylyň tomsunda başlar. Oňa daşyndan zarýad bermek mümkinçiligi hem bar.
Sea Lion 06 – uzynlygy 4810 mm bolan krossower. Ol 170-den 290 kWt çenli kuwwat bilen gibrid hem elektrik görnüşlerde elýeterlidir. Iki hereketlendirijili doly herekete getiriji hem göz öňünde tutuldy. 


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......