“People” žurnaly dünýäde iň owadan adamy atlandyrdy

  • 25.04.2025 16:22
  • 17k+

“People” žurnaly golliwudly aktrisa Demi Mury 2025-nji ýylyň iň owadan adamy diýip ykrar etdi. “Substansiýa” we “Arwah” filmleriniň 62 ýaşly ýyldyzy redaksiýany özüni kabul ediş filosofiýasy bilen haýran galdyrdy.

Žurnal bilen söhbetdeşlikde Mur owadanlyk we özüňe baha bermek düşünjesine garaýşy barada aýtdy.

“Bu her gün özüňi bolşuň ýaly kabul etmek duýgusy. Bu meniň diňe özüme ýaraýan taraplarymy kabul edýändigimi aňlatmaýar. Bu meniň özümiň hemme bölegimi kabul edýändigimi aňladýar” – diýip, aktrisa aýtdy. Ol öz daşky keşbinde ýaş üýtgeşmelerini görýändigini, ýöne olaryň öz gymmatyny kesgitlemeýändigini belledi.

“People” žurnalynyň ýyllyk sany, adatça bolşy ýaly, ýylyň iň owadan adamyny saýlaýar. Dürli ýyllarda onuň daşynda Juliýa Roberts, Mişel Praýffer, Sofiýa Wergara, Sindi Krouford, Jodi Foster, Meg Raýan, Mel Gibson, Kortni Koks, Tom Kruz, Leonardo DiKaprio, Nikol Kidman, Beýonse we beýleki meşhur şahsyýetler peýda boldy. 

11.06.2026 13:03
7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....