Duolingo-da küşt boýunça okuw sapaklary peýda bolar

  • 24.04.2025 17:52
  • 3.5k+

Dil öwretmek boýunça okuw sapaklary bilen tanalýan Duolingo programmasy täze okuw ugruny – küşti goşar. Ol ýaňy başlan küştçülere niýetlenip, oýnuň esasy düzgünlerini öwredýär. Ilkibaşda okuwlar iňlis dilli iOS ulanyjylary üçin elýeterli bolar diýip, The Verge we CNET ýazýar.

Ilkibaşda programma bilim derejäňizi – hiç zat bilmezlikden ortaça çenli – kesgitleýär we şoňa görä ýumuşlary saýlaýar. Mysal üçin, ilki ulanyja mallaryň nähili göçüm edýändigi, soňra garşydaşyň mallaryny nähili almalydygy we ýatuwy yglan etmelidigi düşündiriler. Ýygy-ýygydan ýalňyşylan ýagdaýynda dogry göçümi görkezmek bilen kömek ediler.
Her bir okuw bölümi Elo ulgamy boýunça bellibir derejä gabat gelýär. Ýumuşlar Duolingo-nyň dil okuwlary ýaly geçdigiňçe kynlaşýar.
Ulanyjylar küşt boty Oskara garşy kiçi oýunlary we doly döwleri oýnap biler. Onuň çylşyrymlylygy kem-kemden ýokarlanýar.

“Birinji hepdeden soň siz grossmeýster derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz, ýöne arkaýynlaşmak bolmaz – Oskar ýalňyşyňyz üçin jezalandyrar” – diýip, işläp düzüjiler aýdýar.

Häzirlikçe beýleki ulanyjylara garşy oýnap bolmaýar, ýöne şeýle mümkinçilik hem göz öňünde tutulýar.
Beta-synag iňlis dilli ulanyjylar üçin iOS-da başlar. PR Duolingo boýunça direktor Monika Erliň aýtmagyna görä, ýene 4-6 hepdeden okuw giňeldiler, soňra Android we beýleki diller üçin sazlanar.
Belläp geçsek, ozal Duolingo-da aýdym-saz notalary we matematika boýunça okuwlar hem peýda boldy. 

düýn 23:12
2.5k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
4.4k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.4k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......