Marsda syrly girdap tapyldy: ol meteoritiň yzy ýa-da gowaga giriş bolup biler

  • 24.04.2025 12:13
  • 8k+

Martda geljekki ylmy gözlegler üçin gyzykly bolup biljek syrly girdap tapyldy. Orbitadan alnan planetanyň üstüniň suraty şweýsar peýnirini ýada salýan köp deşikli ýeri görkezýär. Bu deşikleriň üsti bilen kömürturşy gazyndan ybarat buzuň aşagyndaky Marsyň gara üstüni görmek bolýar.

Ýöne suratyň ýokarky sag burçundaky bir girdap NASA-nyň alymlarynyň aýratyn ünsüni çekdi. Onuň diametri 100 metr töweregi bolup, ol çuňlugy we töweregindäki tegelek krater bilen tapawutlanýar. Esasy çaklama görä, ol meteoritiň urgusy netijesinde emele gelen bolmaly.
NASA-nyň hünärmenleri bu girdabyň ýerasty gowaga giriş bolup biljekdigi baradaky pikiri hem inkär etmeýär. Şeýle gowaklar planetanyň üstündäki aşa şertlerden, ýagny tozandan, sowukdan goragly bolup, bolup biljek ýaşaýyş alamatlaryny saklap biler.
Şeýle girdaplar hem awtomatik, hem adamyň gatnaşmagy bilen geljekki missiýalar üçin esasy maksat hasaplanýar. Bu gowaklaryň öwrenilmegi Marsyň geologiýasyna we onuň ýaşaýyş mümkinçiligine düşünmekde möhüm orun eýeläp biler. 


11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......