Dünýädäki ilkinji SD Express 8.0 ýat kartasy tanyşdyryldy, ol käbir SSD-lerdenem çalt

  • 23.04.2025 16:24
  • 2.9k+

Adata kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup SD Express 8.0 standartlaryna laýyk gelýän ýat kartasyny tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze kartanyň okaýyş tizligi sekuntda 1,6 gigabaýt, ýazyş tizligi bolsa sekuntda 1,2 gigabaýda ýetýär. Bular örän ýokary görkezijiler. Bu ýat kartasy häzirki wagtda ulanylýan UHS-1 kartalardan 12 esse, UHS-II-den bolsa 4 esse çalt. Hatda, käbir arzan SSD-lere garanyňda-da tizligi ýokary.
Kartanyň tehniki häsiýetleri nähili täsirli bolsa-da, onuň U3 we V30 karta reýtingleri sekuntda bary-ýogy 30 megabaýt dowamly ýazgyny kepillendirýär. Şonuň üçin hem bu kartanyň dürli şertlerde nähili işleýändigine bazara çykandan soň geçiriljek testler arkaly has takyk baha berler.
Premier Extreme SD 8.0 Express atly ýat kartasy häzirki wagtda diňe 512 GB göwrüminde hödürlenýär. Emma, ähtimal, geljekde beýleki görnüşlerem çykarylar.

şu gün 13:48
688

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......