ABŞ Günorta-Gündogar Aziýadan Gün panelleriniň importyna 3521%-e çenli gümrük paçlaryny girizdi

  • 23.04.2025 15:02
  • 7.8k+

ABŞ-nyň Söwda ministrligi 21-nji aprelde Kambojada, Wýetnamda, Malaýziýada we Tailandda öndürilen Gün panelleriniň importyna täze gümrük paçlarynyň girizilendigini mälim etdi. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Bu karar öňki Prezident Jo Baýdeniň başlangyjy bilen başlanan söwda derňewiniň netijesinde kabul edildi. Koreýaly «Hanwha Qcells» we amerikaly «First Solar Inc.» kompaniýalary hytaýly bäsdeşleriniň döwlet tarapyndan kömek alýandygyny we ABŞ bazarynda nyrhlary bilkastlaýyn peseldip, bäsdeşlige garşy hereket edýändiklerini aýdyp şikaýat edipdiler diýip, «Reuters» agentligi belleýär.
Täze gümrük paçlarynyň möçberi ýurda we kompaniýa görä üýtgeýär. Iň ýokary – 3521% – möçberindäki gümrük pajy Kambojadan getirilýän harytlara girizildi, sebäbi bu ýurt derňewe gatnaşmakdan boýun gaçyrypdy. Wýetnamdan getirilýän harytlara 395,9%, Tailanddan getirilýän harytlara 375,2%, Malaýziýadan getirilýän harytlara bolsa 34,4% gümrük paçlary girizildi.
Hytaýyň «Jinko Solar» kompaniýasy üçin, Wýetnamdan eksport edýän harytlaryna 245%, Malaýziýadan iberýän harytlaryna bolsa 40% gümrük pajy salyndy. «Trina Solar» kompaniýasynyň Tailanddan eksport edýän harytlaryna 375%, Wýetnamdan eksport edýänlerine bolsa, takmynan, 200% gümrük pajy girizildi. «JA Solar» kompaniýasynyň Wýetnamdan getirýän panellerine bolsa, takmynan, 120% gümrük pajy bellenildi.
«Bloomberg» agentliginiň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň şeýle karar kabul etmegine garaşylýardy, şol sebäpdenem hytaý kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahasy 22-nji aprelde diňe birneme peseldi. Käbir kompaniýalar önümçiliklerini eýýämden Indoneziýa we Laos ýaly gümrük paçlary girizilmedik ýurtlara göçürdiler.
2024-nji ýylda ABŞ ýokarda agzalan dört ýurtdan 12,9 milliard dollarlyk Gün panellerini import etdi, bu bolsa ýurduň jemi importynyň 77%-ine deňdir. Täze çäreler Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan ozal girizilen nyrhlary dowam etdirýär.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......