Nadal Laureus tarapyndan “Sport ikonasy” adyny alan ikinji türgen boldy

  • 23.04.2025 00:08
  • 3.3k+

Ispaniýaly tennisçi, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi we dünýäniň öňki birinji raketkasy Rafael Nadal Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Sport ikonasy” nominasiýasy boýunça baýrak aldy.

Ol bu ada mynasyp bolan taryhda ikinji türgen boldy. Nominasiýa ýakynda döredildi, 2022-nji ýylda baýragy motosikl ýaryşlary boýunça dokuz gezek dünýä çempiony Walentino Rossi aldy.
Ozal Nadal Laureus tarapyndan iki gezek – 2011-nji we 2021-nji ýyllarda ýylyň türgeni diýlip ykrar edildi. Ýöne bu baýragy onuň kortdaky garşydaşlary Nowak Jokowiç we Rojer Federer köp aldy, olaryň her birinde bu kategoriýada bäş baýrak bar.
Baýraga dalaşgärleriň sanawy 70-den gowrak ýurtdan 1000-den gowrak sport KHBS-iniň ses bermeginde düzülýär. Ýeňiji Bütindünýä sport akademiýasy Laureus tarapyndan saýlanýar.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....