“Günäliler” horrory prokatda öňdebaryjy bolup, “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi

  • 22.04.2025 15:14
  • 6.2k+

Raýan Kugleriň “Günäliler” (Грешники) wampir horrory demirgazyk amerikan prokatynda 45,6 mln dollar ýygnap, öňdebaryjy boldy. Maýkl B.Jordanyň gatnaşmagyndaky film garaşylmadyk ýagdaýda pasha dynç günleri kassa ýygymy boýunça birinji orny eýeläp, “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Film Jordan Piliň 2019-njy ýylda çykan 71,1 mln dollar netijeli “Biz” horroryndan bäri original film üçin iň gowy başlangyjy görkezdi. Halkara tomaşaçylar “Günälilere” ýene 15,4 mln dollar getirip, umumy mukdary 61 mln dollara ýetirdi. Filmiň býujeti 90 mln dollar boldy.
Ssenarini ozal “Frutweýl stansiýasyny”, “Kridi” we Maýkl B.Jordan bilen “Gara babyry” düşüren Kugleriň özi ýazdy.
Filmiň sýužeti 1930-njy ýyllarda Täze Orleanda bolup geçýär. Baş gahrymanlar – ilki harby gullukçy, soňra gangster bolan ekiz doganlar (ikisini-de Jordan oýnaýar) bar açmak üçin Missisipide dogduk şäherine gaýdyp gelýär. Ol ýerde çykyş edýän blýuz sazandalarynyň biri şeýle bir ussatlyk bilen oýnaýar welin, ol golaýdaky irlandiýaly wampiriň ünsüni özüne çekýär.
“Günäliler” CinemaScore-yň wersiýasy boýunça platformanyň 47 ýyllyk taryhynda tomaşaçylardan ýokary A bahasyny alan ilkinji horror boldy. Adatça, şeýle filmler B+-dan ýokary baha almaýar. Mundan öň A- reýtingine “Güm bol” (Прочь), “Doga” (Заклятие), “Freddi bilen bäş gije” (Пять ночей с Фредди) we “Ümsüm ýer 2” (Тихое место 2) ýetipdi.
Film prokatyň başynda 30 mln dollara garaşan analitikleriň çaklamasyndan geçdi. Muňa Warner Bros.-yň sanly kampaniýasy we kinoteatrlaryň goldawy kömek etdi.
Studiýa üçin hem bu möhüm üstünlik boldy: on ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek onuň iki filmi 40 mln dollardan gowrak girdeji ýygnady – “Günäliler” we “Minecraft kinoda”. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......