5 ýylda 4-nji gezek: Sobolenko Ştutgartdaky WTA ýaryşynyň finalynda utuldy

  • 22.04.2025 14:50
  • 5.1k+

Belarusly tennisçi Arina Sobolenko Ştutgartda (Germaniýa) toýun kortda geçirilen WTA-500 ýaryşynyň finalynda ýene-de titul gazanyp bilmedi. Bu gezek dünýäniň birinji raketkasy we “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek çempiony aýgytly oýunda latwiýaly tennisçi Ýelena Ostapenkodan utuldy. Bu onuň 2021-nji ýyldan bäri bu ýaryşyň finalynda dördünji ýeňlişi boldy.

Duşuşyk 21-nji aprelde geçirildi we Ostapenkonyň peýdasyna 6:4, 6:1 hasabynda tamamlandy. Oýun 1 sagat 26 minut dowam etdi.
Sobolenko ilkinji gezek Ştutgartdaky ýaryşyň finalyna 2021-nji ýylda çykdy. Şol wagt ol awstraliýaly Eşli Bartiden utuldy. 2022-nji we 2023-nji ýyllarda türgen polşaly Iga Şwýontekden utuldy. 2024-nji ýylda bolsa dörtden bir finala çykyp, çehiýaly Marketa Wondrouşowany utup bilmedi.
27 ýaşly Ostapenko üçin Ştutgartdaky ýeňiş WTA ýaryşlarynda ýekelikde dokuzynjy titul we 2024-nji ýylyň fewral aýyndan bäri birinji boldy. Bu üstünligi netijesinde ol reýtingde 17-nji orna çykar.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......