“Ýyldyz söweşleri” boýunça “Dokuzynjy jedaý” ady bilen täze serial düşüriler

  • 21.04.2025 20:56
  • 1.5k+

Tokioda geçirilen “Ýyldyz söweşleri: Baýram etmek” festiwalynda Lucasfilm kinokompaniýasy “Ýyldyz söweşleri” boýunça “Dokuzynjy jedaý” (Девятый джедай) ady bilen täze serialyň düşüriljekdigini habar berdi. Taslama režissýor Kendzi Kýama tarapyndan düşürilen “Ýyldyz söweşleri: Görüş” (Звездные войны: Видения) animasion şüweleňiniň spin-off-y bolar.

Mundan başga-da, Disney+ akym hyzmatynda “Ýyldyz söweşleri: Görüş” atly gysga metražly filmleriň täze bölümi çykar. Oňa lazer gylyçlaryny döredijiniň gara güýçler bilen ýüzbe-ýüz bolýan gyzy barada gürrüň berýän “Dokuzynjy jedaý” bölümi girer.
“Görşüň” 2021-nji ýylda çykan asyl wersiýasy özboluşly animasion stili üçin oňyn seslenme aldy. Täze serial “Dokuzynjy jedaý” bu wakany ösdürer. Taslamanyň çykjak senesi yglan edilmedi.  


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......