Hindi astronawty soňky 41 ýylda ilkinji gezek kosmosaz uçar

  • 21.04.2025 20:54
  • 4.6k+

Maý aýynda Hindistan soňky kyrk ýylda ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer. Bu milli ekipažly maksatnamany ösdürmekde möhüm ädim bolar.

Hindi kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) öz raýatynyň Axiom Space Ax-4 missiýasyna gatnaşmagyny tassyklady. Hindistanyň harby howa güýçleriniň kapitany Şubhanşu Şukla HKS-e çykan ilkinji hindi bolar.
Hindistanyň raýatynyň gatnaşmagynda soňky ekipažly uçuş 1984-nji ýylda boldy – şonda Rakeş Şarma “Soýuz” sowet gämisinde orbita uçupdy.
Hindistanyň Döwlet ylym we tehnologiýa ministri Jitendra Singh geljekki missiýanyň Hindistanyň kosmos maksatlarynyň ösüşini görkezýändigini belledi.
ISRO-nyň başlygy W. Naraýananyň aýtmagyna görä, Şuklanyň taýýarlygy tamamlandy, gämi ulgamy hem ähli barlaglardan geçdi. Uçuş döwründe ol ylmy tejribeleri geçirip, okuwçylara agramsyzlyk şertlerinde tejribeleriň nähili bolýandygyny görkezer.
Şeýle-de, maý aýynda ISRO orbita EOS-09 hemrasyny çykarar. Ol günüň islendik wagty we islendik howada 1 metre çenli durulyk bilen Ýer üstüniň suratyny alar.
Iýun aýynda geljekki “Gaganýan” hindi gämisi üçin halas ediş ulgamynyň synaglary geçiriler. Bu 2026-njy ýyla meýilleşdirilen ekipažly uçuşdan ozal soňky tapgyrdyr.
Naraýananyň aýtmagyna görä, bu missiýalar Hindistany kosmos pudagynda esasy oýunça öwürýän strategiýanyň bir bölegidir.
ISRO-nyň ýolbaşçysy Axiom Space bilen hyzmatdaşlygyň Hindistana Aý maksatnamalaryna gatnaşmak we 2035-nji ýyla çenli milli orbital stansiýany döretmek üçin ýol açýandygyny belledi. 


düýn 22:08
1.1k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

17.06.2026 17:42
5.7k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......