Dubaý şokoladyna bolan isleg dünýäde pissäniň ýetmezçiligine sebäp boldy

  • 21.04.2025 14:30
  • 11k+

Dubaý şokolady sosial torlarda örän uly meşhurlyk gazanansoň, pissäniň maňzynyň bahasy 450 gramy üçin, 7,65 dollardan 10,30 dollara çenli ýokarlandy. Esasan, ABŞ-da we Eýranda ösdürilip ýetişdirilýän iýmişe dünýä boýunça bazarlarda ýetmezçilik döredi diýip, «Financial Times» habar berýär.

ABŞ-da geçen ýyl bol hasylyň bolmandygy sebäpli, pissäniň maňzy, aslynda, eýýämden gytalyp başlapdy. Şeýle-de bolsa, şol az hasylyň hili örän gowy bolansoň, pisseler köplenç gabygy bilen bile satyldy. Bu bolsa şokolad önümlerinde ulanylýan arassalanan pissäniň bazarlarda has hem azalmagyna getirdi.
2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli eýranly eksportçylar Birleşen Arap Emirliklerine ozalky 12 aýa garanyňda, 40%-den hem köp pisse eksport etdiler. Dünýäde belli şokolad öndürijileri bolan «Läderach» we «Lindt» şweýsar brendleri hem Dubaý şokoladyny öndürmäge başladylar. Olar ozal beýle görnüşli şokolady öndürmeýärdiler, emma emirlikli şokolad öndürijisi bolan «Fix-iň» gazanan meşhurlygyndan, soň olar hem öz nusgalaryny döretdiler. Häzirki wagtda bu kompaniýalar halkara bazarynda dörän ýokary islegi kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýärler.
Beýik Britaniýanyň birnäçe ýokary hilli şokolad brendlerini dolandyrýan «Prestat Group-yň» baş direktory Çarlz Žandro bu täze şokolada bolan islegiň ähli pudagy geň galdyrandygyny aýtdy.

«Edil duýdansyz dörän ýaly. Görýäň welin, birdenkä hemme dükanda satylýar» — diýip, ol aýtdy.

Dubaý şokolady – kadaýf bilen pissäniň garyndysyndan taýýarlanan içlik bilen doldurylan süýjüdir. Ol BAE-de öndürilýär. Ilkinji gezek 2021-nji ýylda peýda boldy we tiz wagtda syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Dubaý şokolady baradaky ilkinji TikTok wideo 2023-nji ýylda peýda boldy we ol 120 milliondan gowrak tomaşa aldy.


06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....