Öz doglan gününe sowgat: Zwerew Mýunhendäki ATP-500 ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 21.04.2025 13:32
  • 2.3k+

Germaniýaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerew Mýunhende toýun kortunda geçirilen ATP-500 ýaryşynyň çempiony boldy. Ol final oýnunda dünýäniň 15-nji raketkasy amerikaly Ben Şeltony 6:2, 6:4 hasabynda utdy.

Oýun 1 sagat 12 minut dowam etdi. Zwerew 4 eýs etdi, 5 goşa ýalňyşy goýberdi we dört breýk-pointden üçüsini aldy. Şelton 3 eýs etdi, 3 goşa ýalňyşy goýberdi, ýöne ýekeje-de breýk-point gazanmady. Şeýle-de, ol 21 mejbury däl ýalňyşa ýol berdi.
Zwerew üçin bu titul karýerasynda 24-nji we häzirki möwsümde birinji boldy. Ýeňiş onuň üçin aýratyn gün bilen gabat geldi – 20-nji aprelde tennisçi 28 ýaşyny doldurdy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......