Arheologlar Tehasda 6500 ýyllyk gadymy awçy esbaplarynyň buky ýerini tapdylar

  • 21.04.2025 12:08
  • 6.3k+

Arheologlar Tehas ştatynyň (ABŞ) günbatarynda ýerleşen Marfa şäheriniň golaýyndaky San-Esteban gaýa gowagyndan gadymy aw esbaplarynyň toplumyny tapdylar. Bu buky ýer, takmynan, 6500 ýyl mundan ozal taşlanyp gidilipdir diýip, Sul-Ross döwlet uniwersitetinde habar berdiler.

Tapyndylaryň arasynda agaç naýzalar, ýüzi ýiteldilen daş peýkamlar, dört sany agaç sap, bumerang we atlatl bar. Alymlaryň pikirine görä, bu Demirgazyk Amerikadaky agaçdan we daşdan ýasalan iň gadymy awçylyk esbaplarynyň doly diýen ýaly saklanyp galan toplumydyr.
Barlagçylar ýaşy 7 müň ýyllyk hasaplanýan atlatla aýratyn üns berýärler. Bu esbap sebitde naýza zyňmak üçin niýetlenen iň gadymy enjamdyr. Ony uly haýwanlar awlananda zerur güýç we tizlik bilen naýzalary zyňmak üçin ulanypdyrlar.

Gowakdan aw esbaplaryndan başga-da, çarşak şahly saýgagyň daşyň üstünde eplengi ýatan derisi, koprolitler (daşa öwrülen adam nejasatlary) we gadymy ot ýakylýan çukuryň galyndylary tapyldy.
Arheologlaryň pikirine görä, gowak diňe bir gaçybatalga bolman, eýsem ussahana hökmünde hem hyzmat edipdir. Koprolitleriň genetiki derňewi gadymy adamlaryň iýen iýmitleri we saglygy barada maglumat berip biler.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......