Pnewmaçekiçden şikes alan erkek adam bir aýlap garnynda üç sany çüý göterip gezipdir

  • 21.04.2025 11:55
  • 8.3k+

Gündogar Tennessi Döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) klinikasynyň hirurglary bir hassanyň başyndan geçen adaty bolmadyk kliniki hadysa hakynda habar berdiler. 53 ýaşly bir adam garyn boşlugynyň biynjalyk edýändiginden zeýrenip gelipdir. Netijede, lukmanlar hassanyň birnäçe möhüm beden agzasynyň içinden parran geçip, garyn boşlugyna düşen üç çüýi çykaryp alypdyrlar.

Adatça, garna çümen her bir zat ýiti agyry alamatlary bilen utgaşýar. Köplenç, şikes alanlara, bedeniň içki agzalaryna zeper ýetmegi sebäpli, gyssagly lukmançylyk kömegini bermeli bolýar. Emma, Cureus ylmy žurnalynda gürrüňi edilen näsag şikes alandan dört hepde soň kömek sorap ýüz tutupdyr.
Bir aý çemesi öň agaç böleklerini pnewmatiki çüý kakýan gural bilen berkidendigini, şonda agaçlary garnyna diräp saklandygyny  ýatlapdyr. Guraly täzelikde satyn alansoň, ol adam heniz ony doly işledip hem görmän eken.
Soňra şikes alan adam garnynda üç sany ownuk ýara yzynyň bardygyny görýär. Pnewmatik çekiçden garna urlan zarbalary ol duýmandyr. Hatda wakadan soň garnynda hiç hili agyry hem duýmandyr, gyzzyrmandyr ýa-da başga biynjalyk edýän alamatlar ýüze çykmandyr. Emma, birnäçe hepdeden soň garnynda düşnüksiz bir oňaýsyzlyk peýda bolupdyr.

Garyn boşlugy rentgene düşürilende üç sany del jisimiň bardygy ýüze çykaryldy.
Çüýler öt haltasyna, aşgazan asty suwuklygyna, içegä zeper ýetirilmezden ýa-da beýleki ýaramaz netijeler bolmazdan aýryldy. Operasiýadan soň dikeldiş döwründe gaýra üzülmeler bolmady, garyndaky agyry aýryldy we hassa alty aýdan soň  gözegçilik barlagyna gelmek maslahat berip, hassahanadan çykaryldy.
Lukmanlar şeýle şikesleriň seýrek däldigini bellediler: ABŞ-da her ýyl 25 müňe golaý ýagdaý hasaba alynýar. Emma, gürrüňi edilýän ýagdaý şeýle uzak wagtlap alamatsyz  geçendigi bilen tapawutlanýar.
Şeýle hem, hirurglar çüýleýji gurallar ulanylanda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň zerurdygyny ýatlatdylar.


24.04.2026 18:54
9.8k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
8.8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

23.03.2026 07:22
6.5k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.6k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...