Kianu Riwz Weezer rok topary hakdaky komediýa baýopiginde zalymyň keşbini ýerine ýetirer

  • 20.04.2025 21:56
  • 1.9k+

Kianu Riwz Weezer rok topary baradaky komediýa mokýumentarisinde zalymyň keşbini janlandyrar. Bu barada žurnalist Jeff Snaýder Consequence of Sound neşirine habar berdi.

"Mokýumentari" adalgasy dokumental filmleri aňlatmak üçin ulanylýar. Bu dokumental filme meňzeýän, galplaşdyrmany we mistifikasiýany ulanýan çeper film žanry. Ýakynda çykjak filmiň sýužeti Weezer bilen Riwziň basçy bolup çykyş edýän Dogstar toparynyň arasyndaky hakyky durmuş dawasyna esaslanar. Iki topar hem karýerasyna 1990-njy ýyllarda başlapdy.
Film "Skott Piligrim hemmä garşy" we "Geň: El Ýankowiçiň başdan geçireni" filmleriniň stilinde surata düşüriler.
Filmde Julýet Lýuis, Erik Andre, Jonni Nokswil we Ben Şwars dagy hem çykyş edip biler. Taslama “Nerw” filmi bilen tanalýan Genri Just bilen Eriýel Şulman režissýorlyk eder. Filmiň goýberiljek senesi entek yglan edilmedi.
Ýakynda habar beriş serişdeleri Riwziň franşizanyň bäşinji bölüminde Jon Uigiň keşbine gaýdyp geljekdigini habar berdi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......