Singapurda ýagyş damjalaryndan elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar

  • 20.04.2025 18:25
  • 3.6k+

Singapurly alymlar ýagyş damjalaryndan elektrik energiýasyny öndürmegiň usulyny işläp düzdüler diýip, «Interested Engineering» habar berýär.

Bu usul suwuklygyň birmeňzeş tizlikde we şol bir ugra tarap turba boýunça hereket edýän mahaly ýüze çykýan porşen akymy täsirinden peýdalanýar. Alymlar damjalaryň düşýän mahaly bu täsiriň energiýanyň öndürilişini ep-esli artdyrýandygyny anykladylar.
Adatça, gidroelektrik stansiýalary güýçli akymy bolan derýalara mätäç bolýar, şol sebäpdenem olary diňe belli-belli ýerlerde gurup bolýar. Singapurly alymlar bolsa muňa başgaça çemeleşip, ýagyş suwuny ulanmagy teklip edýärler.
Enjamyň gurluşy gaty ýönekeý: suw basyş diňinden gelýän suw metal iňňe arkaly elektrik geçirijiligi bolan materialdan ýasalan dik polimer turba damýar. Damjalar turbanyň içine düşeninde, aralarynda howa bilen bölünen ownuk suw akymlaryny döredýär. Bu gurluş elektrik zarýadlarynyň tapawudyny güýçlendirýär we damýan suwuň energiýasynyň 10%-den gowragyny tok hökmünde almaga mümkinçiligini berýär, bu bolsa häzirki usullardan bäş esse netijelidir.
Dört turbadan ybarat bolan ulgam 20 sekundyň dowamynda 12 sany LED çyrasyny işledip bilýär. Bu bolsa şeýle ulgamy şäherde, binalaryň üçeginde we beýleki ýerlerde täzelenýän energiýa çeşmesi hökmünde peýdalanmagyň mümkindigini görkezýär.


düýn 17:00
1.9k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.7k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.9k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....