Jeep ýene “Ýuwentusyň” hemaýatkäri bolmagy meýilleşdirýär

  • 20.04.2025 14:37
  • 5.5k+

Jeep brendiň logotipiniň Turiniň “Ýuwentus” futbol klubunyň eşik toplumynda ýene peýda bolmagy üçin ýylda, takmynan, 25 mln ýewro tölemäge taýýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, şertnama taraplaryň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy gaýtadan dikelder. Ozal klub geçen ýylyň iýun aýynda Jeep bilen öňki şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň, täze baş hemaýatkäri tapyp bilmedi.
Häzirki wagtda “Ýuwentus” kompaniýa bilen gepleşikleri geçirýär. Şertnama üstünlikli bolan ýagdaýynda oýunçylar eýýäm iýun aýynda Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlaryna täze logotipli eşiklerde çykyp biler.
Jeep 2012-nji ýyldan bäri “Ýuwentusyň” baş hemaýatkäri bolupdy. Ýyllyk töleg kem-kemden ýokarlanyp, 45 mln ýewro ýetdi. Täze şertnama has pes mukdary, ýöne uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.


10.04.2024 22:31
6.4k+

«Al Hilal» futbolyň taryhynda dowamly ýeňişli oýunlarynyň rekord sanyny 33-e çykardy

“Al-Hilal” Saud Arabystanynyň Super kubogynyň ýarym finalynda “Al-Nasrdan” 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde Salem Al Dawsari we Malkom tapawutlandy. “Al-Nasrdan” Sadio Mane gol geçirdi. Duşuşygyň...

29.04.2022 19:52
15k+

Dünýäniň ýaşy 21-e çenli bolan iň gowy futbolçylarynyň sanawy neşir edildi

ESPN teleýaýlymy ýaşy 21-den ýokary bolmadyk iň gowy futbolçylaryň sanawy bilen tanyşdyrdy diýip, gazeta.ru salgylanýan Trend habar berýär. Sanawa 39 sany oýunçy girdi - olary 75 futbolçyny öz içine alýan uzyn...

şu gün 09:56
1.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....