Porsche 911 GT3 mehanika ulaglarynyň arasynda “Nýurburgringiň” rekordyny goýdy

  • 20.04.2025 14:42
  • 2.6k+

2025-nji ýylyň Porsche 911 GT3 ulagy mehaniki hereket gutusy bolan köpçülikleýin awtomobiller üçin Nýurburgring ýolunda täze aýlaw rekordyny goýdy.

Ulagy Porsche-niň zawod ýaryşa gatnaşyjysy Ýorg Bergmaýster dolandyrdy. Ol “Demirgazyk halkadaky” aýlawy 6 minut 56,294 sekuntda – GT3-üň PDK awtomatik gutuly öňki wersiýasyndan tiz geçdi.
Mundan öň rekord Dodge Viper ACR ulagyna degişlidi. Ol 2017-nji ýylda gysgaldylan ýolda (20,599 km) 7 minut 1,3 sekunt netijäni görkezdi. Häzir uzynlygy 20,832 km bolan doly aýlaw ulanylýar. Hatda köne ýol boýunça-da, täze Porsche aýlawy 6 minut 51,764 sekuntda geçdi – bu ulagyň kuwwatynyň 140 a.g. pesdigine garamazdan, 10 sekunt tizdir.
Täze nesil GT3 özünden öňki modelden 3,7 sekunt tiz boldy. Şassiniň kämilleşdirilmegi GT3 RS modelini döretmekden alnan tejribelere esaslanýar. Bergmaýsteriň aýtmagyna görä, “awtomobil büdür-südürleri geçmekde has durnukly boldy”.
Rekord üçin ulag Weissach bukjasy we Michelin Pilot Sport Cup 2 R tekerleri bilen üpjün edildi. 


düýn 14:34
2.2k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......