Lexus global premýerasyndan öň täze ES sedanynyň tizerini hödürledi

  • 20.04.2025 14:27
  • 5.5k+

Lexus täze nesil ES sedanynyň tizerini hödürledi. Modeliň global premýerasy 23-nji aprelde Şanhaýdaky awtosalonda bolar.

Täze ulag “global flagman” hökmünde görkezilýär we şu ýyl Hytaýyň, Ýewropanyň we ABŞ-nyň bazaryna çykar.
Wideoda ES-iň fastbek stilinde ýapgyt üçekli süýnmek kuzowa eýe bolandygy görünýär. Şeýle-de, ulag täze radiator gözenegi, aýratyn yşyk diodly faralar, birleşdirilen yzky çyralar, kuzowda ýiti çyzyklar we dekoratiw wentilýasion elementler bilen üpjün edildi. Tigirler uly diametrli boldy.
Dizaýn 2021-nji ýyldaky konsept bilen deňeşdirilende düýpli üýtgedi. Häzirki wersiýa 2018-nji ýyldan bäri çykarylýar we 2021-nji hem 2024-nji ýyllarda täzelendi. Soňkusy hytaý bazary üçin niýetlendi.
Ulagyň güýç enjamlary barada heniz maglumat ýok. Ýöne Lexus-yň elektrikleşdirmä üns berýändigi belli. Ulagyň gibrid we elektrik wersiýalarynyň bolmagyna garaşylýar. Häzirlikçe täze platformanyň ýa-da Toyota Camry-daky ýaly kämilleşdirilen TNGA-K-nyň ulanyljakdygy belli däl (adatça, Lexus ES Camry-nyň lýuks wersiýasydyr). 


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....