Jennifer Lopez Netflix-de Robert Zemekisiň trillerinde hilegäriň keşbini oýnar

  • 19.04.2025 20:10
  • 5.4k+

Jennifer Lopez režissýor Robert Zemekisiň “Iň soňky hanym Perriş” (Последняя миссис Пэрриш) trillerinde baş keşbi ýerine ýetirer. Film Netflix akym hyzmatynda çykar diýip, Deadline habar berýär.

Film Liw Konstantiniň 2017-nji ýylda çap edilen adybir romanyna esaslanýar. Sýužet boýunça, Lopez tarapyndan ýerine ýetiriljek hilegär Ember baý aýal Dafnanyň öýüni, adamsyny we durmuşyny eýeläp, özüni onuň ornunda görkezmäge çalyşýar. Wagtyň geçmegi bilen Ember hakyky Dafnanyň öz syrlarynyň bardygyny bilýär.
Ssenarini “Oskar” baýragyna dalaşgärler, “Köçeleriň sesi” (Голос улиц) filmi boýunça tanalýan Andrea Berloff we “Ekipažyň” (Экипаж) üstünde işlän Jon Geýtins ýazdy.
Filmiň çykjak takyk senesi heniz belli däl.
Ýylyň ahyryna çenli Lopez “Möý zenanyň posasy” (Поцелуй женщины-паука) mýuziklinde peýda bolar.
Zemekis “Forrest Gamp” (Форрест Гамп), “Kowlan” (Изгой) we “Geljege tarap yza” (Назад в будущее) ýaly nusgawy filmleriň režissýorydyr. Onuň soňky işi – Tom Henks bilen “Şol wagt. Häzir. Soň” (Тогда. Сейчас. Потом) dramasy 2024-nji ýylyň güýzünde çykdy. Film tankytçylardan oňyn däl seslenme alyp, prokatda şowsuz boldy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......