Şwesiýada loslaryň göçüşine göni ýaýlymda millionlarça adam tomaşa etdi

  • 19.04.2025 18:01
  • 4.7k+

Şwesiýanyň «SVT» teleýaýlymy ýüzlerçe loslaryň Ongerman derýasyndan geçýän pursadyny surata düşürmek üçin, 30-dan gowrak uzakdan dolandyrylýan we gijeki görüşli kamerany hem-de 20 müň metr kabel ulanýar diýip, «The Guardian» ýazýar.

Tomaşaçylar bu haýal we lezzetli pursatlara birnäçe günläp tomaşa edýär. Olar loslaryň ýuwaş hereketleriniň arasynda rahatlyk tapýarlar, özlerini tebigat bilen bitewi duýýarlar.
Bu şüweleň we onuň üstünligi soňky ýyllarda barha ösýän «haýal telewideniýe» akymynyň bir bölegidir. Bu düşünjäni ilkinji gezek amerikaly pop sungatçysy Endi Uorhol öňe sürüpdi. Onuň 1964-nji ýyldaky «Uky» (Sleep) atly filminde şahyr Jon Jorno 5 sagat 20 minutlap ukuda pursaty görkezilýärdi.
Bu konsepsiýa ýakyn wagtda Norwegiýanyň «NRK» teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanan «Bergensbanen» atly öňünden ýazga alnan dokumental film bilen has-da meşhur boldy. Ýurduň çägindäki demir ýol syýahatyny görkezýän filme Norwegiýanyň ilatynyň bäşden bir bölegi tomaşa etdi. Ondan soň bolsa 134 sagatlyk deňiz syýahatynyň göni ýaýlymy görkezildi, bu şüweleňi bolsa ýurduň ilatynyň tas ýarysy gördi.
Beýleki ýurtlar hem «haýal telewideniýe» boýunça taslamalaryny durmuşa geçirip başladylar. Meselem, Niderlandlarda tomaşaçylar suwasty kamerany dolandyrmak arkaly, balyklaryň köpelýän döwrüne tomaşa edip bilýärler.


26.07.2025 16:51
5.4k+

Osloda gazuw-agtaryş işleri mahalynda takmynan 7 asyr ozalky müňlerçe deri artefaktlar tapyldy

Arheologlar Oslo duralgasyndan müňlerçe deri artefaktlary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda XIII we XIV asyrlara degişli aýakgap, torbalar, gapjyklar we gylyç gynlary bar diýip, Live Science ýazýar. Gazuw-agtaryş işleri başlangyç we orta mekdebiň gurulmagy meýilleşdirilýän D2 meýdançasynda geçirilýär...

09.06.2025 19:30
7.1k+

Şwesiýada çagalarynyň dişine dogry ideg etmändigi üçin ene-atasyna temmi çäresi görüldi

Şwesiýanyň kazyýeti üç çagasynyň dişine dogry seretmändigi üçin ene-atany sekiz aý azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Aftonbladet gazeti habar berdi. Boros şäherinde işleýän diş lukmany öz kabul edişligine gelen çagalaryň dişini görenden soň degişli edaralara ýazan arzasy derňew işlerine başlanmagyna sebäp boldy...

20.04.2025 21:54
3k+

Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy

Şwesiýada arheologlar Strandwegen ýerinden tapylan 7500 ýyllyk sugun şahyny öwrendi. Sekiz ýyl mundan ozal tapylan artefakt döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenildi. Ylmy gözlegiň netijeleri barada Live Science neşirine Lund uniwersitetinden arheolog Lars Larssen gürrüň berdi...

25.03.2025 12:33
5.5k+

Şwesiýada wikingler döwrüniň örän seýrek duşýan bilezigi we gadymy altyn torky tapyldy

Şwesiýada iki sany seýrek duş gelýän artefakt tapyldy. Olar - wikingler döwründen galan demir bilezik we agramy bir kilograma golaý bolan gadymy altyn tork. Bu barada Heritage Daily we Arkeonews habar berýär. Ýaşy...