Raýan Gosling “Ýyldyz söweşleri” boýunça täze filme gatnaşar

  • 19.04.2025 08:54
  • 4.4k+

Lucasfilm kinostudiýasy “Ýyldyz söweşleri” (Звездные войны) franşizasy boýunça “Ýyldyz ýok edijisi” (Звездный истребитель) ady bilen täze filmi anons etdi. Filmde baş keşbi Raýan Gosling ýerine ýetirer.

Önümçilik şu güýzde başlar, reliz bolsa 2027-nji ýylyň 28-nji maýyna meýilleşdirilýär diýip, Variety ýazýar.
Film režissýor Şon Lewiniň “Dedpul we Rosomahadan” soň nobatdaky taslamasy bolar. Ýatlap geçsek, bu film prokatda 1,3 mlrd dollar ýygnap, R reýtingli iň girdejili film hökmünde rekord goýupdy.
Täze film üçin ssenarini ozal Lewi bilen ““Adam” taslamasy” (Проект „Адам“) we “Indi özüňiz ýaşaň” (Дальше живите сами) filmleriniň üstünde hyzmatdaşlyk eden Jonatan Tropper ýazdy.
Film Skaýuokerler baradaky hekaýatlar bilen baglanyşykly bolmadyk özboluşly waka bolar. Ondaky hereketler franşizanyň 2019-njy ýylda çykan soňky doly metražly filminiň (Star Wars: The Rise of Skywalker) wakalaryndan bäş ýyldan soň ýaýbaňlanar.
Öň, taslamada bir roluň “Anora” filminiň ýyldyzy, aktrisa Maýki Medisona teklip edilendigi, ýöne onuň bu teklipden ýüz öwrendigi habar berildi. 


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......