ABŞ-da täzeleriniň ýetmezçiligi sebäpli ulanylan ulaglara isleg ýokarlandy

  • 19.04.2025 01:04
  • 15k+

CarFax tarapyndan geçirilen täze barlaga görä, ABŞ-da ulanylan awtoulaglara bolan isleg geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpeldi. Şol bir wagtda bahalar hem ýokarlanmagyny dowam etdirýär: ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaglaryň bahasy ortaça 400 dollar, pikaplaryňky 250 dollar, miniwenleriňki bolsa 800 dollar ýokarlandy.

Munuň esasy sebäpleriniň biri awtoulag üpjünçiliginiň çäklendirilmegidir. Öndürijiler girizilen gümrük paçlary sebäpli, käbir modelleriň öndürilmegini we iberilmegini wagtlaýyn togtadýarlar. Bu ýagdaý täze awtoulaglaryň elýeterliligini azaldýar we alyjylary ikinji el bazaryna ýüz tutmaga mejbur edýär.
CarFax häzirki ýagdaýyň pandemiýa döwründe ýüze çykan mikroshema ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklary ýatladýandygyny belleýär. Gümrük paçlarynyň ýokarlanmagy awtoulaglaryň bahasynyň has-da ýokarlanmagyna we awtosalonlarda awtoulaglaryň ýetmezçiliginiň dowam etmegine sebäp bolup biler.
Bilermenler bu ýagdaýyň dowam etjekdigini çaklaýarlar. Täze awtoulaglaryň bahasynyň ýokarlanmagy we ykdysady durnuksyzlyk bahalary ýokarlansa-da alyjylary ulanylan awtoulag satyn almaga iterýär. Bu bolsa bazarda «zynjyr reaksiýasyny» döredýär we 2025-nji ýylda ulanylan awtoulag satyn almagy meýilleşdirip gelýän adamlar üçin ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar diýip, «Carscoops» neşiri ýazýar.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......