Huawei emeli aňly we titan çarçuwaly Eyewear 2 akylly äýneklerini tanyşdyrdy

  • 18.04.2025 23:56
  • 4.6k+

Huawei "Eyewear 2" täze nesil akylly äýneklerini hödürledi. Bu enjam berk titan çarçuwanyň içinde ýerleşýän sport görnüşli optiki linzalar bilen enjamlaşdyrylan bolup, iş hem-de gündelik ulanmak üçin köp sanly emeli aň funksiýalary bilen üpjün edilen. Bu barada «Huawei Central» habar berýär.

Eyewear 2-niň aýratynlyklarynyň arasynda sesli buýruk arkaly işledip bolýan terjime funksiýasy, saglygy gözegçilikde saklamak üçin Cervical Health 2.0 ulgamy, günüň dowamynda howa barada maglumat we meýilleşdiriş kömegi ýaly mümkinçilikler bar. Şeýle-de ulanyjy başyny egmek arkaly telefon jaňlaryna jogap berip ýa-da olary ret edip biler.
Kompaniýa görä, akylly äýnek bir gezeklik zarýad bilen 9 sagatlap telefon arkaly gürleşmäge ýa-da 11 sagat ses goýbermäge ukyply. Enjamyň doly zarýad almagy üçin 50 minut gerek. Eyewear 2 modeli gündelik ulanyş üçin amatly bolar ýaly süýşmeýän gulak tutawaçlary we rahat burun söýegleri bilen üpjün edilendir.
Huawei Eyewear 2-niň bahasy 313 dollar diýlip kesgitlenildi.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...